A.N.Tupolýew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersiteti—KAI-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew gatnaşdy diýip, evening-kazan.ru habar berýär.
Häzirki wagtda uniwersitetde 1200 töweregi türkmen talyby bilim alýar we olaryň sany ýylsaýyn artýar. Bu baýramçylyk dabarasy hem taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde geçirildi diýip, habarda bellenilýär.
Uniwersitetiň rektory Timur Alibaýew Tatarystan bilen Türkmenistanyň özara baglarynyň köpdügini aýtdy. Şeýlelik bilen, Tatarystan Respublikasynyň öňdebaryjy kärhanalary: «KAMAZ», «Tatneft», Kazan dikuçar zawody, Zelenodolsk gämi gurluşyk zawody we beýlekiler türkmen kärdeşleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Baş konsul Güýç Garaýew hem ýygnananlaryň hemmesini milli baýramçylyk bilen gutlap, mähirli garşylandyklary we çäräniň guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdi.
Baş konsul uniwersitetiň ýolbaşçylaryna türkmenistanly talyplar bilen duşuşyk geçirmegi teklip etdi.