Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we şu baýramçylyk günlerinde Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Ol Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda köptaraply türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada düýpli pikir alşyldy.
Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň muňa ýardam edýändigini belledi.
Söhbetdeşlikde şeýle hem Türkmenistany we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyny ynsanperwer ulgamda öňden gelýän netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Tatarystanyň wekiliýetleri, alymlary, medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän iri halkara maslahatlara we döredijilik festiwallaryna işjeň gatnaşýarlar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.