Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar.
«Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlaryna doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler» diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.
«Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Ozal habar berşimiz ýaly, ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurduň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy.