Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy

23:4221.09.2023
0
22027

Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýurduň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, sergide ýurduň suratkeşleriniň mukaddes Garaşsyzlyga bagyşlap döreden eserlerine uly orun berildi. Ýurduň baş baýramy mynasybetli guralan sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň ähli görnüşleri: nakgaşçylyk, haly we zergärçilik önümleri, külalçylyk hem-de heýkeltaraşlyk sungatyna degişli eserler ýerleşdirildi.

Nakgaşlaryň işlerinde türkmen halkynyň taryhy, medeni, ruhy gymmatlyklary we däpleri, şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleri we binagärlik özgerişleri beýan edilýär.

Garaşsyzlyk mowzugy türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň iň köp ýüzlenýän mowzugy hem-de ylham çeşmesi bolmagynda galýar. Şekillendiriş sungatynyň köp sanly muşdaklaryny özünde jemlän şu serginiň çäklerinde hem bu sungatyň dürli akymlaryna we ugurlaryna mahsus bolan däplerdir ýörelgeler halk senetkärleriniň döredijilik ussatlyklary bilen utgaşdyrylypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň