Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Stambul şäherinde geçirilen Halkara kongrese gatnaşdy

15:1918.09.2023
0
32425

15 — 17-nji sentýabrda Stambul şäherinde ýerleşýän Halkara sergiler merkezinde «Guşak ýoly we Orta koridor geçelgesiniň ugrunda täze bazarlar» atly halkara kongresi geçirildi. Oňa 8 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, belli ulag-logistika kompaniýalarynyň direktorlary we telekeçiler gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň metbugat gullugy «Turkmenportala» habar berdi.

Halkara kongresiniň dowamynda döwletleriň arasynda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler aar alnyp maslahatlaşyldy.

Kongresiň çäginde Türkmenistan güni geçirildi. Onda türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, ýurduň serhetlerinden has uzakda hem ykdysady we senagat taýdan ösüşi üpjün etmekdäki orny barada çykyş etdiler.

Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň nebit-gaz, azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk, senagat, innowasiýa we beýleki pudaklarda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki işleri barada gürrüň berdiler.

Gurultaýyň çäginde Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynyň we Stambuldaky Baş konsullygynyň goldawy bilen ýurduň ykdysady ösüşini we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezýän pawilionlar guruldy.

Ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we özboluşly medeniýetini özünde jemleýän Türkmenistanyň pawilýonlary halkara kongrese gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň