Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dünýäniň 80-den gowrak döwletinden 500 çemesi türgeni özünde jemlän para pauerlifting boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Abraýly ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorahanowyň ýolbaşçylygynda türkmen türgenleriniň hem 10-sy gatnaşdy.
Olaryň arasyndan Baýramgeldi Saparow bilen Öwezgeldi Orjyýew 45 ýaşdan uly türgenleriň arasynda ýaryşyp, bürünç medallar bilen dolanyp geldiler. Baýramgeldi Saparow 80 kilograma çenli agram derejesinde 165 kilogram agyrlygy eýgeren bolsa, Öwezgeldi Orjyýew 88 kilograma çenli agram derejesinde 150 kilogram agyrlygy göterdi.
Para pauerlifting sportuň paralimpiýa maksatnamasyna girýän görnüşleriniň biridir. Şonuň üçin hem gazanylan üstünlikler bilen türkmenistanly türgenler geljek ýylda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artyrdylar.