Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Flik nemes futbolunyň taryhynda milli ýygyndynyň baş tälimçiliginden kowlan ilkinji hünärmen boldy

12:0911.09.2023
0
37219

Germaniýanyň Futbol bileleşigi ýoldaşlyk oýnunda Ýaponiýadan uly hasapda (4:1) ýeňlişe sezewar bolan Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Hans-Diter Fliki wezipesinden boşatdy. 58 ýaşly hünärmeniň işden boşadylmagyna Germaniýanyň milli ýygyndysynyň soňky bäş oýunda dört gezek ýeňlişe sezewar bolandygy esasy sebäp hökmünde görkezilýär. Bu barada «Sky Sport Deutschland» habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, Hans-Diter Flik nemes futbolunyň taryhynda ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden kowlan ilkinji hünärmen boldy. Mundan ozal «bundestime» halypalyk eden hünärmenleriň ählisi ýa şertnamanyň möhletiniň gutarandygy sebäpli, ýa-da öz islegi boýunça topar bilen hoşlaşypdy.

Maglumat üçin, Hans-Diter Flikden öň on sany hünärmen Germaniýanyň milli ýygyndysyna baş tälimçilik edipdi.

Sport neşirleriniň ýazmagyna görä, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine esasy dalaşgärler Tomas Tuhel hem-de Ýuliýan Nagelsmann hasaplanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň