Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda ýoga bilen meşgullanmak üçin ähli zatlaryy satyn alyp bilersiňiz

11:0509.09.2023
0
48464

Türkmenistanlylaryň arasynda bedenini kämilleşdirmekde, ünslüligi ösdürmekde, öz-özüňi dolandyrmagy we erk etmegi öwrenmekde üstünlik gazanmaga mümkinçilik berýän ýoga sapaklary barha meşhurlyk gazanýar.

Sapaklary has netijeli geçirmek üçin Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Alem Sport accessories and equipments» dükanynda giň gerimde hödürlenýän degişli enjamlary we egin-eşikleri ulanmak zerurdyr.

Ýoganyň muşdaklary dürli nusgalarda hödürlenen, mysal üçin, tebigy pagtadan ýa-da lateksden we PWH-dan taýýarlanan ýörite halyçalary (ýogamat) satyn alyp bilerler.

Satyjy-geňeşçiler harytlaryň hili we niýetlenilişi, olaryň ýoga sapaklarynyň belli bir döwründe ulanylyşy barada gürrüň bererler hem-de rahat we ýumşak bolmaly amatly enjamlary saýlap almakda maslahat bererler.

Enjamlar ýoga sapaklarynda möhümdir, olary satyn almak hem belli derejede bilimli bolmagy talap edýär. Şeýlelikde, käbir asanlary (hereketleri) ýerine ýetirmek üçin gowy fiziki taýýarlyk zerurdyr. Ilkibaşda bedeni dartmak üçin ýogada ýüp ulanylypdyr. Häzirki wagtda şeýle maşklar guşak bilen ýerine ýetirilýär. Ol hereketleriň takyklygyny üpjün edýär, statiki maşklar ýerine ýetirilende bedeniň ýagdaýyny durnuklaşdyrýar we şikes almak howpuny peseldýär.

Dükanyň geňeşçileri dogry guşagy nädip saýlamalydygyny we onuň dürli görnüşlerini nädip tapawutlandyrmalydygyny aýdyp bererler. Bedeni dartmakda kynçylyk çekýänler üçin «Alem Sport accessories and equipments» dartylmagy gowulandyrmak we rahatlanmak üçin bloklary, rolikleri (bolsterleri) satyn almagy maslahat berýär. Olary ulanyp, ýoga sapaklaryny has amatly we täsirli geçirersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat, dükan B6B;
  • telefonlar: (+993 62) 00 22 44, (+993 64) 34 57 57, (+993 12) 46 88 83;
  • sosial ulgamdaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň