Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Indoneziýa we Bahreýn bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin ugrady. Bu barada milli ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Indoneziýa bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygy 8-nji sentýabrda Surabaý şäherinde oýnalar. 12-nji sentýabrda bolsa türkmen futbolçylary BAE-niň Dubaý şäherinde Bahreýniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň milli ýygyndysy sentýabr aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Bu oýunlar türkmen futbolçylary üçin öňde boljak DÇ-2026-nyň saýlama oýunlaryna taýýarlyk bolup hyzmat eder.
Düýn Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Mergen Orazow sentýabrda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşjak 23 oýunçynyň sanawyny yglan etdi.
Oňa laýyklykda, milli ýygyndynyň düzüminden üç sany legioner — goragçylar «Energetikden» Wepa Jumaýew, «Abdyş-Atadan» Teýmur Çaryýew hem-de «Kitçiden» ýarymgoragçy Ruslan Mingazow orun aldy.