Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Pusan» forumyna gatnaşdy

11:2704.09.2023
0
24840
Türkmen wekiliýeti «Merkezi Aziýa — Pusan» forumyna gatnaşdy
Surat: chamber.uz
29-njy awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherindäki «Hilton Garden Inn» myhamanhanasynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu foruma Koreýa tarapyndan 20-den gowrak wekil gatnaşdy. «Merkezi Aziýa — Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilmeginiň esasy maksady Koreýanyň Pusan şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, syýahatçylyk, lukmançylyk, logistika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.«Merkezi Aziýa — Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna türkmen, gazak, täjik we özbek wekilliýetleri işjeň gatnaşdylar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň