Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynda iş saparynda boldy

22:0002.09.2023
0
52472

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasyna iş saparyny amala aşyrydy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy hem-de bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Turkmenportalyň» ozal habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň maý aýynda hem «Arçman» şypahanasynda bolup, bu ýerde halkyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.

Şol wakanyň dowamynda şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şeýle hem şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň sanynyň artýandygyny nazara alyp, Halk Maslahatynyň Başlygyndan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş edipdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň