Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

23:5006.05.2022
0
9218
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, bu ýerde halkyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow şypahanada dynç alýanlar we şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary hem-de bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan mineral suwlarynyň, bejeriş häsiýetli palçyklaryň aýratynlyklary, şypahana bejerişiniň dürli ugurlary ylmy esasda öwrenilip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Köp ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden Gurbanguly Berdimuhamedow şypahananyň bejerijilik ukyby ýokary derejä eýe bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi.

Şypahanada saglygyny berkidýän adamlar bu ýere gelýänleriň sanynyň barha köpelýändigini, şeýle hem şypahanada bejergi almaga isleg bildirýänleriň sanynyň artýandygyny nazara alyp, Gahryman Arkadagddan şypahanada ýene bir binany gurup bermek baradaky ýüztutmalaryny hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirmegini haýyş etdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň haýyşyny bitirjekdigini aýdyp, «Arçman» şypahanasynyň özboluşly taryhy, onuň ösüşiniň tapgyrlary barada gürrüň berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurtda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. “Halkyň islegi — döwletiň islegi” diýen paýhasly jümläni aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adamlaryň şypahananyň çägini giňeltmek baradaky haýyşlaryny nazarda tutup, şypahananyň we onuň mineral suwunyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan düýpli öwrenilip, gelnen netijä laýyklykda bu ýerde 200 ýa-da 400 orunlyk binany gurmak boýunça teklibiň taýýarlanjakdygyny we onuň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetiriljekdigini belledi.

Habar berşimiz ýaly, düýn – 5-nji maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Awazada alnyp barylýan işler, tomusky dynç alşa görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň