Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Belawiýanyň» ulgamynyň täzelenmegi Türkmenistanda petek satuwyna täsir etmez

10:5225.08.2023
0
37648

Golaýda «Belawiýa» täze ulgama geçýändigi sebäpli käbir goşmaça hyzmatlaryň çäklendirilendigini habar berdi. Bu habar ýolagçylarda, şol sanda köp sanly daşary ýurtlylarda hem sowallary döretdi.

«Belawiýa»-nyň täze maglumat ulgamlaryny ulanmaga geçmegi sebäpli uçuşlar üçin goşmaça hyzmatlaryň berilmegi (bortdaky oturgyjyň deslapdan saýlanmagy, goşmaça goşlar we sport enjamlarynyň daşalmagy, haýwanlaryň daşalmagy) 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan wagtlaýyn togtadylýar» diýlip, awiakompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Metbugat gullugynyň habaryna görä, awiakompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasy täze ulgama birnäçe günüň içinde – 3-4-nji sentýabra çenli geçer. Habarda bellenilişi ýaly, «Belawiýa» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň ulgamynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly petekleriň satuwynda hiç-hili bökdençlik bolmaz.

«Belawiýanyň» Türkmenbaşy şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrýandygyny ýatladýarys. Häzirki meýilnama we petekleriň bahalary baradaky maglumatlary awiakompaniýanyň web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Ozal «Belawiýa» howa ýollarynyň Aşgabatdaky ofisini täzeländiginiň, onuň indi Bitarap Türkmenistan şaýolundaky «Elektronika dünýäsi» binasynda ýerleşýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň