Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Post Shop» onlaýn söwdanyň artykmaçlyklary we 5 kilograma çenli harytlary mugt eltip bermek hyzmaty barada ýatladýar

14:2621.08.2023
0
34819

«Post Shop» onlaýn dükany internet ulanyjylaryna halkyň sarp edýän harytlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bu ýerde hojalyk tehnikalaryny, kanselýariýa harytlaryny, elektron enjamlary, gap-gaçlary, balykçylyk enjamlaryny, azyk önümlerini, egin-eşikleri, kosmetika önümlerini we başga-da dürli harytlary satyn almak mümkindir. Saýtda önümleriň bölümlere we bölümçelere bölünmegi zerur bolan harydy ýeňillik bilen tapmaga mümkinçilik berýär. «Post Shop» dükanyndaky satyn alnan harytlar üçin tölegleri bank karty bilen, onlaýn töleg arkaly ýa-da nagt görnüşinde tölemek mümkindir.

Söwda platformasy harytlary diňe Aşgabadyň içinde däl, eýsem, 3-5 günüň içinde Türkmenistanyň islendik ýerine eltip berýär. Eltip berlenden soň, müşderi öz önümini «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň islendik şahamçasyndan alyp bilär.

Mundan başga-da, agramy 5 kilograma çenli harytlar düýbünden mugt eltilip berilýär.

«Post Shop» dükanynda söwda etmegiň artykmaçlyklaryndan söwda platformasynyň gönüden-göni öz saýtynda we adybir ykjam programmasynda peýdalanyp bilersiňiz.

«Post Shop» onlaýn dükany barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu belgä ýüz tutup bilersiňiz (+993 65) 72 89 52.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň