Türkmenistanly tennisçiler 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşarlar

12:2021.08.2023
0
31693

Türkmenistanly çagalar şu ýylyň 11 ― 17-nji sentýabry aralygynda Gazagystanyň Şymkent şäherinde 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçiriljek tennis boýunça Aziýanyň çempionatyna gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berşi ýaly, türkmen tennisçileri şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa boýunça saýlama ýaryşynda gazanan kümüş medaly bilen yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle hem 19 ― 20-nji awgustda TTF-nyň ýolbaşçysy Eziz Döwletowyň Aziýada tennisi ösdürmek boýunça geçirilen halkara maslahata gatnaşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň