Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň iki etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

10:4521.08.2023
0
26638

23-nji awgustda Lebap welaýatynyň iki etrabynda — Hojambaz we Köýtendag etraplarynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler.

Jeyhun.news-iň berýän habaryna görä, çäräni etrap Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri geçirer.

Habarda bellenilişi ýaly, Hojambaz etrabyndaky çäre etrap Medeniýet bölüminiň Ýolbaşçy medeniýet öýünde, Köýtendagda bolsa Köýtendag şäheriniň Türkmenbaşy köçesiniň 44-nji jaýynda geçiriler.

Hojambazdaky çäre ir sagat 9:00-da, Köýtendagdaky bolsa 10:00-da başlanar. Boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleriniň ikisi hem şol gün sagat 12:00-da tamamlanar.

Gyzyklanýan raýatlar aşakdaky telefon belgilerine jaň edip habarlaşyp bilerler:

  • Hojambaz etraby boýunça 800442 2-07-87,
  • Köýtendag etraby boýunça 800440 2-09-33.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň