Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrda ähli duşuşyklar geçiriler

11:2618.08.2023
0
22474

Ertir ― 19-njy awgustda başlanjak 14-nji tapgyr Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň ikinji aýlawynda ähli duşuşyklary hem geçiriljek ilkinji tapgyr bolar. Aýlawda mundan öňki tapgyrlaryň ählisinde bir duşuşyk ätiýaçlykdaky güne galdyrylypdy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tapgyryň duşuşyklarynyň iki günüň dowamynda geçiriljekdigini habar berýär. Onuň ilkinji gününde ― 19-njy awgustda ikinji aýlawda özüni dürsän we henize çenli diňe ýeňiş gazanyp gelýän «Ahal» aýlawyň we umumy möwsümiň iň pes netije görkezýän toparlarynyň biri bolan «Şagadamy» kabul eder.

Soňky tapgyrlarda duşuşyk geçirmän, üçünji orna çenli düşen «Altyn asyr» bolsa, näme üçindir, durnukly oýun görkezip bilmeýän «Köpetdag» bilen Büzmeýinde güýç synanyşar.

20-nji awgustda futbol janköýerlerine Mary şäherinde-de gyzykly duşuşyk garaşýar. Ikinji aýlawyň gowy netijeleri gazanýan iki topary ― «Energetik» bilen «Nebitçi» şol gün biri-birini synaga salar. Şeýle hem şol gün ýaryşyň lideri «Arkadag» topary «Nusaý» stadionynda «Aşgabady» kabul eder.

Tapgyrda Marynyň «Merw» futbol topary dynç alar.

19.08.2023 ý. (şenbe)

“Ahal” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Şanazarow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: S.Çaryýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

“Altyn asyr” – “Köpetdag”

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Abdiýazowa (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

20.08.2023 ý. (ýekşenbe)

“Energetik” – “Nebitçi”

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Arkadag” – “Aşgabat”

Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 18:00

Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň