Top.Mail.Ru

Türkmen türgenleri para pauerlifting boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar

03:4018.08.2023
0
26628

22 ― 31-nji awgust aralygynda Dubaý şäherinde (BAE) para pauerlifting boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa Türkmenistandan 10 türgen gatnaşar.

Has takygy, türkmen ýygyndysynyň düzüminde Mekan Agalykow, Maýýa Japarowa, Maýagözel Ekäýewa, Roza Mätýakubowa, Sergeý Meladze, Laçyn Baýramowa, Baýramgeldi Saparow, Işkuwwat Çaryýew, Döwletgeldi Amanmyradow we Öwezgeldi Orjyýew dagylar bar.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionatyna 79 döwletden 600-den gowrak türgen gatnaşýar. Olaryň arasynda tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň çempionlary hem, dünýä rekordlarynyň eýeleri hem bar. Çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň arasynda müsürli Osman Şerifiň, iordaniýaly türgenler Omar Karadyň we Abdelkarim Hattabyň atlaryny agzap bolar.

Dünýä çempionaty geljek ýylda geçiriljek Paralimpiýa oýunlarynyň bir saýlama tapgyrydyr. Türkmen türgenleri dünýä çempionatynda gowy netije görkezip, Pariž ― 2024-e gatnaşmak mümkinçiligini hem artdyrmak isleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň