Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan Gruziýa awiasiýa ýangyjyny ibermekde öňdebaryjylygy eýeledi

01:0816.08.2023
0
60093

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda Gruziýa awiasiýa ýangyjyny iberijileriň arasynda öňdebaryjy boldy. Bu barada «Nebit-gaz» elektron gazetinde habar berildi.

Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijiler birleşiginiň habaryna görä, türkmen kärhanalary hasabat döwründe bu ýurda 29,6 müň tonna awiasiýa ýangyjy eksport etdi, bu bolsa ýedi aýda Gruziýanyň bu görnüşli ýangyjyň umumy importynyň 44,1 göterimini düzýär diýlip, habarda aýdylýar.

Degişli döwürde Gruziýa awiasiýa ýangyjynyň importynyň umumy mukdary 67,1 müň tonna boldy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,7 göterim azdyr. Gruziýa uçar ýangyjyny beýleki üpjün edijileriň arasynda Azerbaýjan (17,3 müň tonna), Gresiýa (10,3 müň tonna), Türkiýe (6,7 müň tonna), Malta (3,2 müň tonna) ýaly ýurtlar hem bar.

Türkmenistan nebit-gaz pudagyny işjeň ösdürýär we eksport bazarlarynyň geografiýasyny giňeltmäge çalyşýar. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Tbiliside türkmen wekiliýeti bilen gruziýaly hyzmatdaşlarynyň arasynda türkmen nebit önümleriniň üstaşyr geçişini ýeňilleşdirmek we onuň mukdaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem türkmen nebit önümlerini import etmek we infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça nebit önümlerini gaýtadan işlemek we saklamak bilen baglanyşykly gepleşikler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň