Soňky habarlar

Arhiw

AÖB 600 million dollardan gowrak karz, grant we tehniki kömek bilen Türkmenistanyň ösüşini goldaýar

12:0015.08.2023
0
38544

Aziýanyň Ösüş Banky şu günki güne çenli Türkmenistana döwlet sektorynda umumy bahasy 632,6 million dollar bolan 13 karz, grant we tehniki kömek berdi. Bu barada bankyň resmi web sahypasynda habar berildi.

2022-nji ýylda AÖB Türkmenistanda amatly taslamalary taýýarlamak üçin geleşikler boýunça tehniki kömek bukjasyny 225 müň dollar artdyrdy. AÖB kiçi we orta kärhana eksportçylarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak taslamasy we «Aşgabat—Duşak» demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy ýaly teklip edilýän taslamalary gözden geçirmekde ep-esli öňegidişlik gazandy.

Bankyň Türkmenistana berlen karz boýunça umumy tölegi 484,71 million dollara barabar bolup, olar adaty maýa çeşmeleri arkaly maliýeleşdirildi. AÖB-niň Türkmenistandaky häzirki özygtyýarly bukjasynda 500 million dollarlyk 1 karz bar.

AÖB Türkmenistanyň hökümetiniň köpden bäri hyzmatdaşy bolmak bilen, ýurduň ösüş zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda ýakyndan ýardam edýär. Bank häzirki wagtda saglygy goraýyş, maliýe, ulag we energetika pudaklarynda taslamalary taýýarlaýar.

Şeýle hem Türkmenistan Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasy boýunça sebitleýin tehniki kömeklerden peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň