Top.Mail.Ru

Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

12:4914.08.2023
0
34171

2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministri Taalaýbek Ibraýew «РИА Новости» gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Gyrgyzystan elektrik energiýasyny häzirki wagtda Türkmenistandan we Russiýadan satyn alýar.

Taalaýbek Ibraýew: «InterRAO» (Russiýa), meýilleşdirişimiz ýaly, ýylyň ahyryna çenli takmynan 1,5 milliard kWt sagat elektrik energiýasy bilen üpjün eder. Türkmenistandan 1,6 milliard kWt sagat elektrik energiýasy import ediler. Geljek ýylda bolsa Türkmenistandan 1,7 milliard import etmegi meýilleşdirýäris» diýdi. Ministriň sözlerini «Newscentralasia» paýlaşdy.

«Hasaplamalara görä, her ýyl elektrik energiýasynyň sarp edilişi ýokarlanýar. 2022-nji ýylda takmynan 16 milliard kWt sagat bolan bolsa, bu ýyl 17,3 milliard bolar. Ykdysadyýet ösýär, bu bolsa elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň hem artýandygyny aňladýar» diýip, ministr belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň