Türkmenistanyň ilçisi Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyk edarasynyň direktory bilen duşuşdy

14:5810.08.2023
0
43263

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow BMG-niň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýaponiýa bilen aragatnaşyk edarasynyň direktory Ýasuhiro Tsumura bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ilçi guramanyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde öňe sürýän parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen, şol sanda, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy geçirmek baradaky başlangyçlary bilen tanyşdyrdy.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýasuhiro Tsumura Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we bütindünýä ähmiýetli başlangyçlaryny goldap, olary ilerletmek boýunça doly goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň