Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: «Merw» ― «Alaý» duşuşygynyň eminleri belli boldy

13:0012.08.2023
0
50769

AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde geçiriljek «Merw» ― «Alaý» duşuşygynyň eminler düzümi belli boldy.

Duşuşygy kuweýtli eminler alyp barar. Meýdandaky emin Ammar Aşkakana watandaşlary Abbas Goloum bilen Seýedali M. Seýedali ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini bolsa saud arabystanly Alhunfuş Şukri Hussain bolar. Şeýle hem duşuşygyň gözegçi emini hökmünde hindistanly hünärmen Puruşot Aman Basker bellenildi. Birleşen Arap Emirliklerinden Waleed Muhammed Musa duşuşygyň komisary bolar.

«Merw» ― «Alaý» duşuşygynyň 15-nji awgust güni Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň