Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy

14:3709.08.2023
0
64059
Belgiýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşyny amala aşyrdy
Surat: belgium.tmembassy.gov.tm

2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda «Challenge Airlines» awiakompaniýasynyň «Boeing 747-400F» kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.

«Challenge Airlines» – Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasydyr. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.

Ozal habar berşimiz ýaly, 31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy «Challenge Airlines»-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Duşuşyga «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Wideo konferensiýada uçuşlary amala aşyrmak we «Challenge Airlines» bilen türkmen raýat awiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra «Challenge Airlines»-niň wekilleri kompaniýanyň meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar. Awiakompaniýanyň meýilnamalary Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy öz içine alýar.

Kompaniýanyň dünýäde 1000-den gowrak işgäri bar we howa gatnawy, ýük daşamak, goldaw hyzmatlary we tehniki hyzmat bilen meşgullanýar. Awiakompaniýanyň işleriniň ep-esli bölegi (65%) temperatura gözegçilik edilýän harytlar, awtoulag önümleri, howa giňişligine degişli önümler ýaly standart däl ýükleri daşamak bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň