Türkmenistan 2024-nji ýylda Gazagystana eksportynyň möçberini 2 essä golaý artdyrdy. Şeýlelikde, ýurduň gazak bazaryna iberen harytlarynyň umumy agramy 144,3 müň tonna deň boldy. Bu barada «LS» gazak saýty Gazagystanyň Statistika gullugyna salgylanyp habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistan Gazagystana mebeliň eksportuny 38,7 göterim (jemi 155,7 tonna), plastik gap-gaçlaryň eksportuny 2,4 esse (jemi 430,3 tonna), egin-eşikleriň we ýorgan-düşekleriň eksportuny 38,8 göterim (jemi 1,5 müň tonna), pomidoryň eksportuny 16,2 göterim (jemi 41,2 müň tonna), kükürt kislotasynyň we oleumyň eksportuny 178,4 esse (jemi 69,9 müň tonna) artdyrdy. Geçen ýyl Türkmenistanyň goňşy ýurda eksport eden harytlarynyň umumy bahasy hem 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 32,8 göterim ýokarlanyp, 220,7 million amerikan dollaryna barabar boldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal 2024-nji ýylda türkmen-gazak söwda dolanyşygynyň 555,7 million amerikan dollaryna deň bolandygyny habar beripdik.