Lebap welaýatynda täze ýyl üçin 130 müň gektar meýdan gowaça ekişine doly taýýar edildi. Şunda ýeri sürmek, tekizlemek, suwarmak ýaly işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ýerine ýetirilendigini nygtamak gerek. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalaryň 11-si hereket edýär. Täze ýylyň hasyly üçin gowaça çigidini taýýarlamak işine olaryň ählisi gatnaşdy. Şeýlelikde, sebitde şu möwsümde jemi 11 müň 393,5 tonna tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Welaýatyň çägindäki atyzlaryň 97 müňden gowrak gektaryna adaty tohum, 32 müň 995 gektaryna bolsa takyk ekijilere niýetlenen, daşynyň tüýjümek gabygy aýrylan tohum ekiler. Şunda tohumlyk çigidi taýýarlamakda Saýat etrabynyň Garabekewül pagta arassalaýjy kärhanasynyň uly goşandy bar. Mundan 10 ýyl ozal açylyp ulanmaga berlen kärhana ýylda 40 müň tonna «ak altyny» gaýtadan işlemäge ukyply.
Şu oba hojalyk möwsüminde toprak-howa şertlerine laýyklykda, welaýatyň etraplarynda 66 müň 562 gektar ýerde gowaçanyň «S-2606», 41 müň 812 hem-de 19 müň 924 gektar ýerde, degişlilikde, «Ýolöten — 39», «Ýolöten — 7», 948 we 754 gektar meýdanda «Garaşsyzlyk — 30», «Ýolöten — 53» görnüşleriniň ekiljekdigini aýtmak gerek.