Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Awaza bardy

23:1305.08.2023
0
61478

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurduň resmi adamlary döwlet Baştutanyny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugratdylar.
Biraz wagtdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany mähirli garşylandy.

Ozal 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň ýolbaşçy düzümine, adatça bolşy ýaly, awgust aýynda «Awazada», «Arçmanda» ýa-da beýleki şypahanalarda dynç almaga rugsat berendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň