Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar

22:4814.07.2023
0
49944

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini, ýolbaşçylaryň, hemişe bolşy ýaly, «Awazada», «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurduň beýleki şypahanalarynda dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça öňdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günlerinde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň