Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

22:0304.08.2023
0
48742

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda paýtagt şäheriň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy köpriniň we ulag ýollarynyň ýakalarynda ornaşdyrylýan germewleri synlap, olaryň bezeg serişdelerine ünsi çekdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Aşgabadyň ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, degişli desgalaryň gurluşygyna we olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, uly ýollaryň, köprüleriň yşyklandyrylyşyna we beýleki işlere aýratyn üns berilýär. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň baş şäheriniň döwletiň ykdysady-syýasy taýdan ösüşiniň depginini, jemgyýetiň medeni we ruhy durmuşynyň derejesini görkezip, paýtagta gelýän myhmanlarda özüniň gözel keşbi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydygyny belledi. Şunda Aşgabadyň ekologik ýagdaýyny we arassaçylygyny saklamak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy binalaryň we desgalaryň bezeglerine ünsi çekip hem-de bu işde ulanylýan serişdeleriň ýokary hilli bolmalydygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna birnäçe tabşyryklary berdi. Bu işlerde öňdebaryjy tejribeler, täzeçil usullar işjeň ulanylmalydyr, serişdeleriň berkligine hem-de ýerli howa şertleriniň täsirine durnukly bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-ulag düzümine degişli birnäçe desgalaryň çyzgylaryny synlap, olara belliklerini aýtdy we düzedişleri girizdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol germewlerinde behişdi bedewleriň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň, yşyklandyryş ulgamynyň degişli bezegleriniň zerurdygyny, olaryň owadan we özboluşly bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, şäheriň desgalarynyň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini aýtdy.

Ulag ýollarynyň, köprüleriň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle-de ekologik meselelere, ýollaryň ugrunda ekmek üçin bag nahallarynyň düýpli saýlanylyp alynmagyna, bu işlere alymlary çekmek arkaly topragyň ylmy taýdan öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň