Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üç taraplaýyn sammiti başlandy

13:2504.08.2023
0
71604

Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda birinji üçtaraplaýyn sammit öz işine başlady. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem üç döwletiň Prezidentleri halkara we sebit derejesinde gatnaşyklary berkitmegiň meseleleri barada pikir alşarlar.

Munuň özi şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň