Turkmenportal logo
04.08.23
4428244282
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi
Üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabada geldi. Bu barada TDH habar berýär.


Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman mähirli garşylandy. Bu ýerde üç ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däplerine görä, Täjigistanyň Liderine duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy.


Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitinde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.


Ozal Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň sapar bilen Aşgabada gelendigini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşandygyny habar beripdik.