Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

10:0804.08.2023
0
39111
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Surat: president.uz

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň