Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazyny 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalar edilýär

10:5429.08.2024
0
17508

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna baryp, saparynyň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşykda söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şunda gaz pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi. Biziň ýurtlarymyz uzak ýyllaryň dowamynda bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär. Onuň çäklerinde Eýrana we onuň üsti bilen «swap» görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazy iberildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýakyn geljekde şeýle usulda Yrak Respublikasyna-da türkmen tebigy gazynyň iberiljekdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary we işleri bilelikde amala aşyrmagy teklip etdi.

Beýleki bir möhüm ugur elektroenergetika pudagy bilen baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtlar bu pudakda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen elektrik energiýasynyň Balkanabat — Gonbat we Şatlyk — Sarahs ugurlary boýunça Eýrana iberilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasy boýunça eýran kompaniýalary bilen deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Üçünji ugur ulag ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda eýran tarapy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gahryman Arkadag ýol gurluşygy boýunça bilelikde işlemek hakynda aýdyp, bu ýerde gürrüňiň türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Etrek we Gumdag şäherlerine çenli uzajak awtomobil ýolunyň gurulmagy barada barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agzalan taslamany amala aşyrmak boýunça degişli Ähtnamanyň esasynda deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň