Top.Mail.Ru

Türkmenistanda täze «Toyota Crown» kross-sedan awtoulagy tanyşdyryldy

09:4829.07.2023
2
68934

28-nji iýulda Aşgabatda «Toyota Crown» kross-sedan awtoulagynyň täze modeliniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre «Toyotanyň» Türkmenistandaky resmi dilerlik merkezi bolan «Garagum Ulag» hojalyk jemgyýetinde geçirildi.

Bu dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri, şeýle-de iri kompaniýalaryň hünärmenleri hem-de ýerli telekeçiler çagyryldy.

Täze «Toyota Crown» awtoulagy bu brendiň 1955-nji ýylda önümçilige goýberilen gadymy modeliniň 16-njy neslidir. Bu kross-sedan massiw bamperler, häzirki zaman üç bölekli rul we panorama görnüşli üçek bilen üpjün edilipdir. Gibrid hereketlendirijisiniň göwrümi 2,4 litr bolup, awtoulaga 345 at güýjündäki kuwwatlylygy berýär.

Ulagyň içinde 12,3 dýuým diagonally iki sany ekran, oturgyçlary gyzdyryjy we howalandyryjy ulgam, JBL akustika ulgamy, howa-sazlaýjy ýerleşdirilipdir.

Täze «Toyota Crown» kross-sedan awtoulagynyň tehniki häsiýetnamalary bilen şu salgyda ýerleşýän «Toyotanyň» Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Garagum Ulag» hojalyk jemgyýetinde tanşyp bolýar: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi (ozalky Aýtakow), 7/A jaýy. Kompaniýanyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Telefon belgisi: (+993 12) 43 70 57.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň