Ante Mişä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nyşany bilen köýnekçe sowgat berildi

17:1228.07.2023
0
57452

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Ante Mişä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň we «Ahal» futbol klubynyň adyndan 22 belgili köýnekçe sowgat berildi. Ol «Haýdukda» oýnan belgisi ýerleşdirilen köýnekçäniň sowgat berilmegine juda hoşal boldy.

Ante Mişe häzirki wagtda Saud Arabystanynyň «Al-Adala» toparyna tälim berýär. Bu topar Türkiýede «Ahal» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirdi. Duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Köýnekçäni «Ahalyň» baş tälimçisi Serdar Geldiýew gowşurdy. Ol horwatiýaly hünärmeniň türkmen ýygyndysyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda yzygiderli ýygynda çagyrylan futbolçylaryň biri bolupdy.

«Ante Mişe ýakymly sowgat üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna we «Ahala» köp hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistana salam ýollady» diýip, klubyň wekilleri Turkmenportalyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ante Mişäniň türkmen ýygyndysyna 2019 ― 2020-nji ýyllarda tälim berendigini ýatladýarys. Onuň tälimçilik eden döwründe türkmen ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 136-njy orundan 129-njy orna çenli geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň