Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan we Eýran Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä kubogy ― 2026-a barýan ýoldaky garşydaşlary boldy

13:5827.07.2023
1
53326

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy.

«E» toparçasynda ýaryşjak türkmen ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndylary boldy. Toparçanyň dördünji wekili bolsa Gonkong ― Butan duşuşygyndan soň belli bolar

2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä kubogynyň we Aziýanyň kubogy ― 2027-niň ikinji saýlama tapgyrynyň bije çekişliginiň netijeleri:

  • «A» toparça: Katar, Hindistan, Kuweýt, Owganystan / Mongoliýa
  • «B» toparça: Ýaponiýa, Siriýa, Koreýa Halk-Demokratik Respublikasy, Mýanma / Makao
  • «C» toparça: Koreýa Respublikasy, Hytaý, Taýland, Singapur / Guam
  • «D» toparça: Oman, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Taýwan / Gündogar Timor
  • «E» toparça: Eýran, Özbegistan, Türkmenistan, Gonkong / Butan
  • «F» toparça: Yrak, Wýetnam, Filippinler, Indoneziýa / Bruneý
  • «G» toparça: Saud Arabystany, Iordaniýa, Täjigistan, Kamboja / Pakistan
  • «H» toparça: BAE, Bahreýn, Ýemen / Şri-Lanka, Nepal / Laos
  • «I» toparça: Awstraliýa, Palestina, Liwan, Maldiwler / Bangladeş.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň