Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky daşary ýurtlara syýahatçylyk gezelençleri üçin halkara bank kartlaryny hödürleýär

11:2027.07.2023
2
78673

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurduň raýatlaryna «VISA Syýahat» we «MasterCard Syýahat» halkara çipli kartlaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

«VISA Syýahat» we «MasterCard Syýahat» kartlarynyň kömegi bilen, olaryň eýeleri dünýäniň dürli künjeklerine syýahatçykyk gezelençlerinde ähli ýurtlaryň dükanlarynda söwda üçin tölegleri töläp bilerler, bankomatlardan nagt pul çekip bilerler, awiapetekleriň we myhmanhana otaglarynyň töleglerini geçirip bilerler. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara bank kartlarynyň ulanylmagy pul serişdeleriniň ogurlykdan ýa-da ýitgilerden howpsuzlygyny üpjün eder.

«VISA Syýahat» we «MasterCard Syýahat» kartlaryny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň aşakdaky salgyda ýerleşýän degişli bölümine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, garaşsyzlyk şaýoly, 32. Telefon belgisi: (+993 12) 40 64 68.

Elektron poçta salgysy: tveb@online.tm

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň