Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Ante Mişeniň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

12:0026.07.2023
0
41402

Änewiň «Ahal» futbol topary Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Saud Arabystanynyň «Al-Adala» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada toparyň metbugat gullugy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.

2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda «Ahalyň» gollaryny 35-nji minutda Elman Tagaýew, 54-nji minutda Meýlis Diniýew geçirdi.

«Al-Adala» Saud Arabystanynyň çempionatynyň Birinji ligasynyň wekilidir. Topara Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe tälim berýär. Ol toparyň başyna şu ýylyň 16-njy iýunynda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň