Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-si ulanylmaga berler

11:1825.07.2023
0
57949

Ýakynlaşyp gelýän täze okuw ýylyny Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň 5 müňe golaýy täze bilim ojaklarynda garşylar. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde sebitde umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-siniň we bir sany çagalar bagynyň binalar toplumyny açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylda soňky üç-dört ýylyň görkezijilerinden-de ýokary netije gazanylyp, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň 9-syny açyp ulanmaga bermek üçin yhlasly işlenilýär.

Çagalara gapylaryny giňden açjak orta mekdepleriň üçüsi ýurduň günorta-gündogar künjeginde — Köýtendag etrabynda ýerleşýär. Biri etrap merkezinde, ikinjisi Megejik obasynda, üçünjisi Burguçy geňeşliginiň Daýhan obasynda gurulýan mekdepler, umumylykda, 1790 okuwça niýetlenendir. Etrap merkezindäki we Megejik obasyndaky her biri 790 orunlyk mekdepleriň ikisinem «Ussat Tirkeş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurýar. Bu kärhana bilim we terbiýeçilik edaralaryny gurmakda baý tejribe toplady. Soňky ýyllarda Saýat etrabynda açylan mekdepler hut şu kärhananyň gurluşykçylarynyň zähmetiniň miwesidir. Etrabyň Burguçy geňeşliginiň Daýhan obasyndaky 210 orunlyk orta mekdebiň gurluşygy bolsa «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasyna ynanylypdyr.

Şu ýyl Çärjew etrabynyň çagalary täze mekdepleriň ikisini sowgat alarlar. Olaryň biriniň gurluşygy Zergär geňeşliginiň Gyzylýap obasynda dowam edýär. Bir salkynda 600 okuwçynyň okamagyna şert döretjek mekdebiň gurluşygyny «ARK» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýar. Farap şäherinde gurulýan mekdep bolsa sebitde 1-nji sentýabrda açyljak bilim-terbiýeçilik edaralarynyň iň ulusy bolar. Onda birbada 960 okuwçy döwrebap derejede bilim alyp biler. Şeýle iri gurluşyk «Ajaýyp döwür» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna ynanyldy. Ýeri gelende aýtsak, Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki 500 orunlyk mekdebiň gurluşygyny-da bu kärhananyň binagärleri alyp barýar.

Saýat etrabynyň ýaşaýjylary soňky üç ýylyň içinde täze dördünji mekdebi sowgat alarlar. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde açylmagy meýilleşdirilýän mekdep Sakar şäherinde gurulýar. Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Akýap obasyndaky mekdepde okuwçylaryň 500-si okar.

Täze okuw ýylyny Köýtendag, Halaç, Saýat, Çärjew we Dänew etraplarynda täze mekdepler bilen, Kerki etrabynyň ýaşaýjylary täze çagalar bagy bilen garşylarlar. Şu günler bu bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ählisinde-de gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Käbir mekdeplerde okuw enjamlaryny ornaşdyrmak işlerine girişildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň