Gazagystan bilen Özbegistan 2034-nji ýylda Futbol boýunça dünýä kubogyny geçirmek üçin ýüztutma bermegi meýilleşdirýärler

11:3222.07.2023
0
56755

Gazagystan we Özbegistan 2034-nji ýylda Futbol boýunça dünýä kubogyny bilelikde geçirmek üçin FIFA ýüz tutmagy meýilleşdirýärler.

Bu barada ChampionatAsia saýty habar berdi.

Bu teklibi türki dilli döwletleriň futbol assosiasiýalarynyň 20-nji iýulda geçirilen maslahatynda Gazagystanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Adilet Barmenkulow orta atdy.

Onuň belleýşi ýaly, şeýle teklip bilen çykmak üçin Özbegistanyň hem ýokary derejedäki mümkinçilikleri bar. Iki döwlet soňky ýyllarda futbolda has öňe ilerledi.

Bu maslahata Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Arslan Aýnazarow hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň