Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde demir ýol menzili we durmuş ugurly beýleki binalar gurlar

20:1129.06.2024
0
10963

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, degişli edaralara we kärhanalara Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi habara görä, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda Arkadag şäheriniň

demir ýol menzili, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy esasynda bolsa Arkadag şäheriniň awtomobil menzili hem-de awtotoplumy we bellige alyş nokady gurlar. Olaryň gurluşygyny, degişlilikde, «Ulgam gurluşyk» we «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri ýerine ýetirer.

Bu ýerde Arkadag şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Türkmen bina gurluşyk» hojalyk jemgyýeti Seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýany gurar.

«Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýeti täze şäherde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň buýurmasy esasynda Söwda we hyzmat ediş toplumynyň gurluşygyny amala aşyrar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça, «Türkmen bina gurluşyk», «Döwlet Gurluşyk» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri, «Gurat gurluşyk», «Mukaddes gün», «Ýakynkent», «Aga-Gurluşyk» hususy kärhanalary bu ýerde jemi 72 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurarlar.

Degişli resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň