Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň durnukly ösüş boýunça mejlisine gatnaşdy

08:3526.09.2015
0
5309

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän we onuň esasy wakalarynyň biri bolup durýan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

24-nji sentýabrda Türkmen döwletiniň Baştutany Aşgabatdan Nýu-Ýorka ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary 13 sagatdan soň, ýagny, Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde milletiň Liderini resmi adamlar garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti howa menzilinden özi üçin sapar mahaly “Peninsula” kaşaň myhmanhanasynda bellenilen kabulhanasyna tarap ugrady.

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň binasyna bardy.

2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibini — degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň köpugurly, toplumlaýyn meýilnamasyny kabul etmek bu iri forumyň esasy netijesi bolar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu täze global strategiýany işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli milli geňeşmeleri geçirmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seçilip alnan döwletleriň toparyna girdi.

Ýokary derejedäki duşuşygyň açylyş dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary başlandy, olaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda dünýä bileleşiginde uly abraý gazanan görnükli syýasy Lider hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Türkmen Lideri BMG-niň global forumynyň belent münberinden çykyş edip, Türkmenistanyň ählumumy abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygynyň has amatly bolmagyny gazanmaga gönükdirilen anyk tekliplerini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri dünýä bileleşigine häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryna esaslanýan we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze, ählumumy strategiýasy zerurdyr diýip belledi. Ýokary derejedäki şu duşuşykda tassyklamak üçin hödürlenen, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ösüş baradaky Gün tertibi şeýle strategiýa bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu resminamany doly goldaýandygyny we onuň kabul edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.

Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiniň ösüş babatdaky meseleleri çözmäge esasy çemeleşmeleri öz içine alýandygyna doly ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşiginiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegi utgaşdyrmagyň täze ählumumy usulyny döretmek baradaky meselä seredilse maksadalaýyk bolardy diýip nygtady hem-de Türkmenistanyň bu ugra degişli anyk teklipleri bermäge taýýardygyny belledi.

Bu baradaky gürrüňini dowam edip, Türkmen döwletiniň Baştutany, şeýle hem Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak babatda Birleşen Milletler Guramasynyň sebit toparlarynyň bu ugurda alyp barýan işleri güýçlendirilse dogry bolar diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin Gün tertibiniň esasy häsiýetnamalarynyň biri hem onda ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn üns berilmegidir. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow biz Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýäris. Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda netijeli işleri alyp barmaga taýýardygymyzy beýan edýäris diýip aýtdy.

Ýaşaýyş-durmuş wezipeleriniň hatarynda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek möhüm orny eýeleýär diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, beýleki halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmegi zerurdyr. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hemmetaraplaýyn, adalatly we ýokary hilli bilimi üpjün etmek meseleleri hem täze halkara Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip bellemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy giňden höweslendirse, bu işleriň netijeli boljakdygyna doly ynam bildirdi. Geçiriljek işler giň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, bilim babatda ýurtlar, sebitler boýunça we ählumumy derejede täze maksatnamalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylmalydyr.

Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýylyň 27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda dünýä döwletleriniň baştutanlarynyň gender deňligi boýunça duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldaýandygyny belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen belleýşi ýaly, şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen, howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy. hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilen duşuşyklarynyň we halkara maslahatlarynyň dünýäde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmäge uly goşant goşandygyny belledi.

Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde Parižde geçiriljek maslahatynda biziň ählimiz bilelikde bütin dünýä üçin örän uly ähmiýetli möhüm çözgütleri kabul etmeli bolarys diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň howa bilen bagly meseleler boýunça halkara Ylalaşygyna gol çekilmegini goldap çykyş edýändigini we maslahata çenli galan döwürde bu ugurdaky garaýyşlaryň işjeň öňe sürülmegine ýardam berjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň döwletimiziň dürli maslahatlarda halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny berkitmek babatda öz konsepsiýasyny resmi taýdan beýan edendigini we birnäçe anyk teklipleri öňe sürendigini ýatlatdy. Bu teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Türkmenistan bu garaýşa ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardyr.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň we onuň halkynyň durmuşynda aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara derejesinde ykrar etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegine 20 ýyl dolýar.

Geçen döwür biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan bitarap daşary syýasatynyň netijelidigini, onuň halkara bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany belledi. Bu aýdylanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanyp, Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda täze Rezolýusiýany kabul etmegi bilen hem tassyklandy.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, milletiň Lideri Gurbanguly
Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ählisine biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berk we üýtgewsiz goldandyklary üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bitaraplyk, parahatçylyk we ösüş meselelerine bagyşlanan halkara maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlaryny ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga belent münberden ýene-de bir gezek çagyrdy.

Türkmen Lideriniň çykyşy uly gyzyklanma bilen üns berlip diňlenildi we el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şu gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi we Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Nýu-Ýorka (ABŞ) iş sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň