Top.Mail.Ru

Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy dabaraly bellenildi

17:0921.07.2023
0
60850

20-nji iýulda Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik guraldy. Bu çäre Ysraýylyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň binasynda geçirildi.

Dabaraly kabul edişlige Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew gatnaşdy. Onda iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň şu güni hem-de geljegi hakynda söz açýan çykyşlara orun berildi.

Ysraýyl döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldi öz çykyşynda bu senäni dostlukly waka diýip atlandyrdy. Ol öz çykyşynda Türkmenistan bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyla basalykly wagtyň geçendigine ünsi çekip, gatnaşyklaryň taryhyndan iri wakalary hem-de seneleri ýatlap geçdi. Şeýle-de ilçi bu döwürde iki döwletiň arasynda birnäçe ylalaşyga hem-de özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilendigini belledi.

«Biz soňky 10 ýylda Türkmenistan bilen täze mümkinçilikleri döredip, şu günüň we geljegiň kynçylyklaryny ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlygymyzyň taryhyny baýlaşdyrmagy başardyk. Taslamalary amala aşyrdyk we oba hojalygy, lukmançylyk, energetika pudagynda wekiliýet alyşdyk hem-de syýasy geňeşmeleri geçirdik» diýip, I.Haldi öz çykyşynda belleýär.

Pursatdan peýdalanyp, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sag bolsun aýtdy hem-de Arkadag şäheriniň açylyşy bilen gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň