Sentýabrda Seulda Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahaty geçiriler

16:3721.07.2023
0
35321

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament wekilleriniň aragatnaşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň