Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda resmi saparda bolýar. Myhman saparynyň ilkinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Maslahat köşgünde ikiçäk we giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Şeýle-de iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Kim Çžin Pýo döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändiklerini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna täze depgin berendigi nygtaldy.
Belent mertebeli myhman çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem dürli köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygynyň öz çykyşynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň meşhur «Türkmeniň» atly goşgusynyň: «Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,//Çyrpynyşar çölünde neri-maýasy,//Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,//Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň» diýen setirlerini türkmen dilinde okap bermegi has-da täsirli boldy.
Kim Çžin Pýo sözüniň ahyrynda parlamentara dialog arkaly iki ýurduň has-da ýakynlaşmagy, ösmegi, türkmen we koreý halklarynyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açmagyň parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.