Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy

12:5108.05.2024
0
9965
Ilon Mask adamyň älemi özleşdirmegi üçin million ýyl gerekdigini aýtdy
Surat: iz.ru

Amerikaly işewür, «SpaceX» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask galaktikany koloniýalaşdyrmak üçin million ýyl töweregi wagtyň gerekdigini nygtady. Ol bu barada Maýkl Milkeniň institutynda geçen maslahatda eden çykyşynda aýtdy diýip, «Iz.ru» ýazýar.

«Eger biz siwilizasiýa bolup, ýene bir million ýyl saklanyp bilsek, muňa gaty begenerdim. Eger muny başarsak, älemiň ähli burçuny gyzyl-dörjük edip ýetişerdik» diýip, Mask nygtady.

Mask şeýle hem häzire çenli başga planetalylaryň bardygyndan nyşan tapylmandygyny sözüniň üstüne goşdy. Ol adamyň Aýa barandygyna ynanmaýanlaryň başga planetalylaryň bardygyna ynanýandyklaryna geň galýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, eger adamzat älemi barlamagyny dowam etse, «birwagt bolan başga siwilizasiýalaryň galyndylaryndan başga zat tapyp bilmez».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň