Turkmenportal logo
21.07.23
9520595205
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar girizildi
Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar girizildi

Raýatlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk dynç alyş zolagyna dynç alyşa gitmekleri üçin Aşgabat halkara howa menzili tarapyndan Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça uçuşlar girizildi. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylyp, raýatlaryň oňat şertlerde gidip gelmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär diýip, «Turkmenistaninfo» ýazýar.


Ýeri gelende bellesek, Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda ýolagçylaryň 1600-sine hyzmat etmäge ukyplydyr.


Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezler hem-de 9 sany kottejler toplumlary hereket edýär.