Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak teklip edildi

23:0020.07.2023
0
30827

Habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda saparda bolýan wekilçilikli topar bilen Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe teklipleri öňe sürdi.

— Biziň lukmançylyk ugrunda-da uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň türkmen-koreý ynsanperwer gatnaşyklarynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çäklerinde ikitaraplaýyn bilelikdäki hereketleri işjeňleşdirmegiň we Aziýa yklymynda iri sport çärelerini geçirmek boýunça bilelikde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň