Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmäge taýýar»

23:2119.07.2023
0
34514

Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýa we Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň hem-de özara söwda dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

— Bu maksatlary amala aşyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Söwda edarasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürýäris — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar we Türkmenistan ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyga hemişe açykdyr.

— Şol sebäpli, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň