17-nji iýulda türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda «COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi» atly mowzuk boýunça geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy.
Wekiliýete ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew forumyň umumy mejlisinde çykyş etdi. Ol öz çykyşynda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de milli we halkara derejelerde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.
Şeýle hem ministriň çykyşynda ählumumy ösüş maksatlarynyň orta we uzak möhletli milli durmuş-ykdysady maksatnamalara we strategiýalara ýokary derejede ornaşdyrylýandygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu tutumly iş ählumumy, adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmek, daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek, ykdysady işjeňligiň ähli ugurlaryna täzeçillik girizmek ýaly wezipeleri özüne jemleýär.
Forumda pandemiýa döwründe Türkmenistanyň aglaba pudaklarynyň ösüşini peseltmän, eýsem, ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamagy başarandygy kanagatlanma bilen bellenildi.